iBet uBet web content aggregator. Adding the entire web to your favor.
iBet uBet web content aggregator. Adding the entire web to your favor.



Link to original content: https://tk.wikipedia.org/wiki/Indira_Gandi
Indira Gandi - Wikipediýa Mazmuna geçiň

Indira Gandi

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Indira Gandi (1917-1984).

Hindistanyň azatlygy ugrunda göreşýän maşgalada önüp-ösýär. Onuň atasy Motilal Neru 20-nji ýyllarda Mahatma Gandiniň egindeşleriniň biridi. Kakasy Jawaharlal Neru Hindistanyň garaşsyzlygyny gazanmakda beýik göreşijileriň biri bolupdy. Jawaharlal Nerunyň “Hindistanyň açylmagy” atly meşhur kitaby Indira Gandiniň ykbalyna uly täsir etdi. Indira Gandi hem maşgalanyň däbine eýerip, durmuşyny syýasata bagyşlady. Ogly Rajiw Gandini maşgala däbine görä terbiýeledi. 1984-nji ýylda sikh milletçileriň guramagy bilen atylyp öldürildi.

70-nji ýyllaryň ortalarynda Indira Gandiniň hökümetiniň goýberen durmuş-ykdysady kemçilikleriniň netijesinde halk köpçüligi 1977-nji ýylyň saýlawlarynda ony goldamady. Häkimiýet ugrunda dalaş edýän beýleki syýasy partiýalar birleşip, Janata Parti atly täze partiýany döretdiler. Bu partiýanyň 1977-1979-njy ýyllarda ýurdy dolandyran döwründe ýurtda syýasy ýagdaý çylşyrymlaşdy. Partiýanyň düzüminde bolup geçen 1979-njy ýyldaky bölünişikden soňra ol tizlikde häkimiýetden aýryldy. 1980-nji ýylda ýene-de Indira Gandiniň ýolbaşçylygyndaky HMK häkimiýete gaýdyp geldi.

80-nji ýyllaryň başynda Hindistanda milletara dawalar güýçlendi. Sikhleriň merkezi häkimiýetden bölünip aýrylmak meýilleri güýçlendi.